"Kovid-19 sanjymynyň önümçiligi üçin azyndan 1 ýyl gerek bolar"

Ýewropa Derman agentligi: "Kovid-19 sanjymynyň önümçiligi üçin azyndan 1 ýyl gerek bolar" diýip belledi

1417360
"Kovid-19 sanjymynyň önümçiligi üçin azyndan 1 ýyl gerek bolar"

Ýewropa Derman agentligi, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen bagly häzirki wagta çenli 33 aýry sanjym taslamasynyň üstünde işlenýändigini, sanjymyň köpçülikleýin häsýetde taýar ýagdaýa getirilmegi üçin azyndan 1 ýyl wagt gerekdigini belledi. 

Merkezi Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde ýerleşýän Ýewropa Derman agentliginden berilen beýanatda, Kovid-19-a garşy bejergide ulanyljak dermanlar we sanjymlar bilen bagly maglumat berildi. 

Beýanatda, sanjym üçin sene bermegiň kyndygy bellenip, synaglardan üstünlikli ýagdaýda geçen sanjymyň köpçülikleýin ýagdaýda öndürilmegi üçin azyndan 1 ýyl wagt gerekdigi nygtaldy. 

Kovid-19-a garşy bejergide ulanyljak 119 tapawutly ylmy-derňewiň ýakyndan gözegçilik edilýändigi bellenen beýanatda, aralarynda "Remdesivir" atly derman hem bolan käbir dermanlaryň kliniki şertlerdäki synaglarynyň geçirilmäge başlanandygy aýan edildi. 

Ýewropa Bileleşiginde adamlar we haýwanlar bilen bagly dermanlara gözegçilik edýän Ýewropa Derman agentligi, şol bir wagtda dermanlaryň bazarlara çykarylyp-çykarylmajakdygy bilen bagly kararlar berýär. 

 


Etiketkalar: #Ýewropa , #sanjym , #derman

Degişli Habarlar