Koronawirusy ýeňenleriň sany 1 million 621 müň adamdan geçdi

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 83 müň 491, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 410 müň 168 adama ýetdi

1416907
Koronawirusy ýeňenleriň sany 1 million 621 müň adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 300 müň adama golaýlady. Koronawirusa ýoluganlaryň sany 4 million 400 müň, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 1 million 621 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 83 müň 491, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 410 müň 168 adama ýetdi. Prezident Donald Tramp, Hytaý bilen söwda şertnamasynyň baglaşylmagyndan gysga wagt soň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýüze çykandygyny nygtap “100 söwda şertnamasy hem ýogalan adamlaryň ýerini doldurup bilmez” diýdi. Paýtagt Waşingtonda epidemiýa sebäpli berlen “öýde gal” görkezmesiniň möhledi 8-nji iýuna çenli uzadyldy. Ilaty 720 müň adamdan geçýän Waşington DS-de häzire çenli 6 müň 584 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy, 350 adam hem ýogaldy. Kaliforniýa State uniwersiteti bolsa epidemiýada täze tolkunyň ýüze çykmak ähtimalygyna garşy okuwlara 2021-nji ýylyň tomus aýlaryna çenli arakesme berdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 195 adam artyp 31 müň 106 adama ýetdi. Koronawirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 809 adam azalyp 78 müň 457 adama çenli aşaklady.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 83 adam artyp 27 müň 74 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 507 adam artyp 214 müň 169 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Italiýa , #koronawirus , #ABŞ

Degişli Habarlar