Eýranda geçirlen deňiz türgenleşiginiň çäginde başdan geçirlen wakada azyndan 1 adam ýogaldy

Waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi

1414770
Eýranda geçirlen deňiz türgenleşiginiň çäginde başdan geçirlen wakada azyndan 1 adam ýogaldy

Eýranyň ýaragly güýçleri, düýn geçirlen deňiz türgenleşiginiň çäginde Konarek harby gäminiň goldaw fyrkadyndaky näsazlyk sebäpli başdan geçirlen wakada azyndan 1 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Eýranyň Deňiz güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda, düýn geçirlen deňiz türgenleşiginiň çäginde Konarek harby gäminiň goldaw fyrkadyndaky näsazlyk sebäpli başdan geçirlen wakada azyndan 1 adamyň ýogalandygy, birnäçe adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýanatda waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Eýranyň deňiz flodynyň, Pars aýlagynda geçirýän harby türgenleşiginiň çäginde ýurda degişli harby gämini ýalňyşlyk bilen bombalandygyny we onlarça adamyň ýogalandygyny habar beripdi.

 

 



Degişli Habarlar