Hindistanda harby uçar ýere gaçdy

Hindistanyň Harby-howa güýçlerine degişli rus önümi bolan "Mig-29" harby uçary, ýurdyň Penjap welaýatynda ýere gaçdy

1413553
Hindistanda harby uçar ýere gaçdy

Hindistanyň Harby-howa güýçlerinden berilen beýanatda, uçarmanyň tehniki näsazlyk sebäpli harby uçaryň gözegçiligini ýitirendigi üçin uçaryň gaçandygy, hadysada uçarmanyň halas bolandygy aýan edildi. 

Beýanatda, welaýatyň Nawanşahar sebitinde boş meýdana gaçan Mig-29 harby uçarynyň hiç hili adam ýitgisine sebäp bolmandygy mälim edildi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #harby uçar , #Hindistan

Degişli Habarlar