Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen bagly beýanat berdi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn barada soňky hepdelerde saglyk ýagdaýynyň gowy bolmandygy ýa-da ölendigi bilen bagly gürrüňler orta atylypdy

1409690
Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň fabrigiň açylyşyna gatnaşan mahaly düşürilen surat bilen baglanşykly: "Onyň yza gaýdyp gelmegine we saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagyna hoşal boldym" diýip belledi. 

Soňky wagtlarda Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdýaynyň gowy bolmandygy bilen baglanşykly öňe sürmeleri göz öňünde tutup Twitter hasabyndan beýanat beren Tramp: "Onuň yza gaýdyp gelmegine we saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagyna hoşal boldym" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan, Trampyň beýanat beren Kim Çen Ynyň ýurdunyň paýtagty Phenýan şäherinde dökün fabriginiň açylyşna gatnaşandygyny görkezýän suratlaryň ozal bir türk tarapyndan paýlaşylmagy bolsa ünsleri özüne çekdi. 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn barada soňky hepdelerde saglyk ýagdaýynyň gowy bolmandygy ýa-da ölendigi bilen bagly gürrüňler orta atylypdy.



Degişli Habarlar