Terror guramasy ÝPG/PKK epidemiýadan hyýanatçylykly peýdalanmak isleýär

Bütin dünýä koronawirusa garşy göreşýän bolsa, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK epidemiýadan hyýanatçylykly peýdalanmaga synanşýar

1409012
Terror guramasy ÝPG/PKK epidemiýadan hyýanatçylykly peýdalanmak isleýär

Guramanyň Siriýada basyp alan etraplarynda güzeran görmekde kynçylyk çekýän asuda ilat, durmuş şertleriniň agyrlaşmagy sebäpli ejir çekýär.

Adybir etraplarda azyk önümleriniň esasy bölegi Yrak serhedinden we hökümetiň gözegçilik edýäň etraplaryna goňşy gözegçilik nokatlaryndan gelýär.

Siriýada ilkinji koronawirusly keselliniň hasaba alynmagyndan soň, gurama öz gözegçiliginiň daşyndan getirilýän ähli harytlardan salgyt ady bilen alýan paçlaryny tas iki esse ýokarlandyrdy.

Guramanyň alýan pajy harytlaryň gymmatynyň 10 bilen 40 göterimine deň gelýär.

ÝPG/PKK özüne ýakyn täjirleri bolsa paçdan boşadýar. Ýeňillik döredilen topar monopoliýasyndaky käbir harytlary ýokary bahadan satýar.

Şonuň netijesinde terror guramasy tarapyndan basylyp alynan ýerlerde halkyň iň köp sarp edýän harytlary soňky iki aýda iki esse gymmatlady.



Degişli Habarlar