"Kim Çen Ynyň saglygy bilen bagly bir maglumatym bar, emma ony size häzirlikçe aýdyp bilmerin"

Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň saglygy bilen bagly bir maglumatynyň bardygyny, emma ony häzirlikçe aýdyp bilmejekdigini habar berdi

1406847
"Kim Çen Ynyň saglygy bilen bagly bir maglumatym bar, emma ony size häzirlikçe aýdyp bilmerin"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky öňe sürmeler bilen baglanşykly: "Kim Çen Ynyň saglygy bilen bagly bir maglumatym bar, emma ony size häzirlikçe aýdyp bilmerin. Onuň saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagyny dileýärin. Kim şenbe güni beýanat bermedi, elbetde bermedi. Örän uzak bolmadyk geljekde Kimden habar alyp bileris" diýip belledi. 

Kim bilen ýakyn gatnaşyk ýola goýandygyny aýdan Tramp: "ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym, häzirki wagtda Demirgazyk Koreýa bilen söweşde bolardyk" diýdi. 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn barasynda soňky hepdelerde saglyk ýagdaýynyň gowy däldigi ýa-da onuň ýogalandygy baradaky habarlar öňe sürülipdi. 

Kimiň saglyk ýagdaýy bilen bagly maslahat bermek maksady bilen hytaýly lukmanlardan ybarat bir toparyň Demirgazyk Koreýa gidendigi öňe sürülipdi, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň 12-nji aprelde operasiýa geçirendigi we saglyk ýagdaýynyň kadalaşýandygy habar berilipdi. 

Gonkongyň telewideniýesi bolsa Kim Çen ynyň ölendigini beýan edipdi, bu habar bolsa hiç bir resmi tarapyndan tassyklanmady. 



Degişli Habarlar