ÝB, koronawirus sebäpli 10 ýurda jemi 3 milliard ýewrolyk maliýe goldawyny berer

Ady agzalýan goldaw Ýewropa Parlamenti we ÝB Geňeşi tarapyndan hem tassyklanmaly

1403459
ÝB, koronawirus  sebäpli 10 ýurda jemi 3 milliard ýewrolyk maliýe goldawyny berer

 

ÝB, täze görnüş koronawirus pandemiýasy sebäpli 10 ýurda jemi 3 milliard ýewrolyk maliýe goldawyny berer

ÝB Komissiýasy, Kowid-19-yň ykdysadyýete ýetirýän täsirini çäklendirmek maksady bilen birnäçe ýurda makro maliýe goldawynyň berilmegi üçin berlen teklibiň kabul edilendigini mälim etdi.

Teklibe laýyklykda ÝB Albaniýa 180 million, Bosniýa-Gersegowina 250 million, Gruziýa 150 million, Iordaniýa 200 million, Kosowa 100 million, Moldowa 100 million, Demirgazyk Makedoniýa 160 million, Tunise 600 million we Ukraina hem 1,2 milliard ýewrolyk makro maliýe goldawyny berer.

Ady agzalýan goldaw Ýewropa Parlamenti we ÝB Geňeşi tarapyndan hem tassyklanmaly.


Etiketkalar: #koronawirus , #goldaw , #maliýe , #ÝB

Degişli Habarlar