“Kowid-19 Wuhandaky Laboratoriýalardan Birinde Öndürildi”

Bu garaýyş belli fransuz lukmany tarapyndan beýan edildi

1400495
“Kowid-19 Wuhandaky Laboratoriýalardan Birinde Öndürildi”

Nobeliň lukmançylyk baýragynyň laureaty fransuz lukmany Luk Montagni täze görnüş koronawirusyň Hytaýyň Wuhan şäherindäki laboratoriýalardan birinde öndürilendigini öňe sürdi.

Luk Montagnie: “Pourquoi docteur” atly internet sahypasyna beren interwýusynda, täze görnüş koronawirusyň Wuhanda mal bazarynda ýüze çykandygyna ynanmaýandygyny aýtdy.

“Covid-19 Wuhandaky laboratoriýalardan birinde öndürildi. Şol laboratoriýa 2000-nji ýyllardan bäri koronawirus boýunça ýöriteleşdirildi” diýen Montagni, meseläni ähli taraplaýyn öwrenendigini nygtady.

Montagni “CNEWS” ýaýlymyna beren beýannamasynda bolsa; “Bu wirus tebigy şertlerde ýüze çykmady, dolulygyna hünärmenleriň işi. Onuň haýsy maksat üçin edilendigini bilemok” diýdi.

Covid-19-da HIV-iň bölejikleriniň bolup biljekdigini beýan eden Montagni: “Şonuň bilen SPID-e garşy sanjym tapmak islenen bolmagy mümkin” diýdi.



Degişli Habarlar