Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň 272, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 853 müň, sagalanlaryň sany bolsa 427 müň 800 adama ýetdi

1397046
Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň adamdan geçdi

Kovid-19 epidemiýasynyň başlan ýeri bolan Hytaýda, soňky 24 sagatda ýene-de 2 adam ýogaldy we ýene-de 108 adam koronawirusa ýolukdy. Hytaýda epidemiýanyň başlan gününden bäri ýogalan adamlaryň sany 3 müň 341-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany 82 müň 160-a, wirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany bolsa 77 müň 663-e ýetdi. 

Ýaponiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 137 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 400 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanalaryň sany 148 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 2 müň 558 artyş bilen, 18 müň 328 adama ýetdi. 

Eýranda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 111 artyş bilen, 4 müň 585-e ýetdi. 

Alžirde koronawirus sebäpli ýene-de 18 müň adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 283 adama ýetdi. Wirus ýokaşan 1 müň 914  adamdan 591-i sagaldy.

Yrakda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 76, hasaba alynanlaryň sany 1352 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýene-de 20 adama wirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygyny we koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 288 adama ýetendigini mälim etdi.

Ysraýylda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 110 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 11 müň 235 adama ýetdi. 79 ýaşyndaky rawwin Eliýahu Bakshi koronawirus sebäpli ýogaldy. 

Müsürde bolsa koronawirus ýokaşanlaryň sany 145 adam artyp 2 müň 65 adama ýetdi.

Katarda Kowid-19 sebäpli 7 adam ýogaldy, 3 müňe golaý adam hem hasaba alyndy.

Omanda koronawirus ýokaşanlaryň sany 599, Bahreýnde 1087, Birleşen Arap Emirliklerinde bolsa 4 müň 123 adama ýetdi.

2 adamyň ýogalan, 19 adamyň wirusa ýolugan Sudanda, ýurdyň hökümeti koronawirusa garşy göreş maksady bilen adatdan daşary ýagdan kanunyny çykardy. 

Taýlantda Kovid-19-dan ýogalanlaryň sany 40-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 579 adama ýetdi. 

126 adamda wirusyň bardygy anyklanan Ruandada bolsa epidemiýa garşy göreşde uçarmansyz howa ulaglary ulanylar. Ýurdyň çetlerinde ýaşaýan raýatlara koronawirusa garşy görüljek çäreler bilen bagly maglumat uçarmansyz howa ulaglarynyň üstüne ýerleşdiriljek dinamik enjamlaryň üsti bilen ýetiriler. 

Filippinlerde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 315 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 284 adamlyk artyş bilen 4 müň 932 adama ýetdi. 

Adam ýitgisiniň 399-a ýeten Indoneziýada soňky 24 sagatda ýene-de 316 adam koronawirusa ýolukdy. Ýurtda şeýlelik bilen wirusa ýolugan adamlaryň sany 4 müň 557-ä ýetdi. 

3 adamyň ýogalan, 71 adama wirus ýokan Saud Arabystanynyň koronawirus epidemiýasynda müňlerçe efiopiýaly bosguny ýurduna ugradandygy mälim edildi. 

Afrikada şu günki güne çenli koronawirus sebäpli 747 adam ýogaldy, 13 müňden gowrak adamda bolsa wirusyň bardygy anyklandy. 


Etiketkalar: #Afrika , #dünýä , #koronawirus

Degişli Habarlar