Indoneziýadaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Indoneziýanyň Günorta Sulawesi ştatynda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 4 adam ýogaldy
Jakarta Post gazediniň berýän habaryna görä, ştatyň Tana Toraža sebitinde düýn irden täsirli bolan aşa köp ýagan ýagyşlaryň sil apatynyň döremegine we ýer süýşgünleriniň emele gelmegine sebäp boldy.
Tana Toraža Apat azaltmak agentliginiň başlygy Alfian Andi Lolo, öýleri ýeriň aşagynda galan 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Resmiler Orta Kalomantan ştatynyň Demirgazyk Baroto sebitinde hem sil apaty sebäpli 6 obadaky ýüzlerçe öýüň suwyň aşagynda galandygyny mälim etdiler.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 37 müň 658, ýaralananlaryň sany hem 86 müň 237 adama ýetdi
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Putin 10-njy Primakow okaýyşlary boýunça halkara foruma gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy