Eýran Türkiýä minetdarlyk bildirdi

Eýranyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Ferazmend mesele bilen bagly beýanat berdi

1387785
Eýran Türkiýä minetdarlyk bildirdi

Eýranyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Ferazmend, täze görnüş epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Türkiýäniň Eýrana ugradan lukmançylyk we ynsanperwer kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň soňky ýyllarda dünýäde ozal görülip-eşidilmedik krizisiň ýüze çykmagyny sebäp bolandygyny aýdan ilçi Ferazmend, ykdysady sanksiýalar goýan ABŞ-nyň Ýewropa ýurtlaryna Eýrana ynsanperwer kömek bermek babatynda rugsat bermeýändigini belledi. 

Ilçi Ferazmend: "Bütin dünýä syýasy we geografik tapawutlylyklary bir gyra aýyryp, bu ýumuryjy wirusa garşy biri-biriniň elinden tutmaly we bilelikde göreşmelidir" diýip belledi. 

Türkiýäniň Eýrana ugradan zatlarynyň arasynda dermanlar, maskalar, ýörite formalar, ellikler, äýnekler, gyzgyn ölçeýji enjamlar, eliňi we ýüzüňi dezinfisirleýän serişdeler bar. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Eýran

Degişli Habarlar