Ýewropada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany gün saýyn köpelýär

Italiýada täze koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 743 adam artyp 6820 adama ýetdi

1384827
Ýewropada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany gün saýyn köpelýär

 

Italiýada täze koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 743 adam artyp 6820 adama ýetdi. Ýurtda zerur bolmadykda daşary çykanlar 3 müň ýewro çenli pul jezasy bilen jezalandyrlar.

Ispaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 2696 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 6584 adam artyp 39 müň 673 adama ýetdi. Ýurtda garrylar öýünde işleýänleriň wezipelerini taşlap gaçmaklary sebäpli käbir keselliler ýatýan otaglarynda ýogaldy. Ispan hökümeti NATO-dan medisina kömegini sorady.

Fransiýada bir günde bir sagatda 10 adam koronawirus sebäpli ýogaldy. Ýurtda ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 240 adam artyp 1100 adama ýetdi. Mýulz şäherinde epidemiýa sebäpli hassahanalarda ýer ýok, şol sebäpli hem käbir keselliler ýörite harby uçarlar bilen başga şäherlerdäki hassahanalara alnyp gidilýär.

Germaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 149, hasaba alynanlaryň sany 31müň 554 adama ýetdi. Käbir şäherlerde köçä çykmagyň jezasy 25 müň ýewro çenli artdyryldy.

Belgiýada bolsa Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 5 müň adama ýetdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 422, hasaba alynanlaryň sany bolsa 8 müň adama ýetdi. Hökümet paýtagt Londondaky ýarmarka merkeziniň 4 müň keselli üçin hassahana öwrülmegi barada karar kabul etdi. Ýurtda hormatly dynç alyşdaky 12 müň saglygy goraýyş işgäri ýaňadandan işe başlady.

Awstriýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 28 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 876 adama ýetdi.

Kowid-19 sebäpli Polşada 9, Çeh Respublikasynda 2 adam ýogaldy.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 797, hasaba alynanlaryň sany bolsa 55 müň 222 adama ýetdi. Goranmak ministri Mark Esper, Kowid-19 epidemiýasynyň 8-10 hepde soň täsiriniň azalmaga başlamagyna garaşýandyklaryny aýtdy. Nýu-Ýorkda koronawirus kesellileriniň bejerilmegi üçin ýörite dermanyň synagdan geçirilýändigi nygtaldy.

Ekwadorda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 27, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1049 adama ýetdi.

Täze Zelandiýada 205 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alyndy. Ýurtda epidemiýa garşy göreş üçin adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar