Owganystanda Talibanlylar bilen bolan çaknyşykda 11 adam ýogaldy

Owganystanda Talibana agza terrorçylar bilen bolan ýaragly çaknyşykda 11 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

1379127
Owganystanda Talibanlylar bilen bolan çaknyşykda 11 adam ýogaldy

Şahrek etrabynyň häkimi Muhammed Kabiri, Talibana agza terrorçyaryň Gor welaýatynyň Şahrek etrabynyň Kamanç diýilen ýerindäki polisiýa merkezine hüjüm guramagyndan soň, ýaragly çaknyşygyň bolandygyny habar berdi. 

Muhammed Kabiri çaknyşykda 11 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 6-synyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Kabiri, Talibana agza 15 terrorçynyň öldürilen çaknyşykda, polisiýa merkezindäki 2 sowutly ulagyň bolsa ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar