Eýranda we Indoneziýada ýer titremeleri boldy

Eýranyň günorta-gündogaryndaky Hürmüzgan welaýatynyň Hemir etrabynda we Indoneziýanyň Gündogar Nusa Tenggara welaýatynda 5,4 bal ululygynda ýer titremeleri boldy

1378636
Eýranda we Indoneziýada ýer titremeleri boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Hürmüzgan welaýatynyň Hemir etrabynyň Ruýder şäherçesinde bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titreme, ýerli wagt bilen sagat 01:34-de bellige alyndy. Ýer titremäniň ýeriň 16 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi. Ýer titremäniň netijesinde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada bolsa entek beýanat berilmedi. 

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika guramasy, güýç merkezi Gündogar Nusa Tenggara welaýatynyň Kodi-Sumba sebitiniň 147 km günorta-günbatarynda bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok, ýer titremeden soň sunami duýduryş hem berilmedi. 



Degişli Habarlar