Eýrana koronawirusa garşy göreş üçin gyssagly ýardam bermekleri üçin çagyryş berildi

“Wirus ynsanlara tapawut goýmaýar, adamoglu hem goýmaly däl”

1377541
Eýrana koronawirusa garşy göreş üçin gyssagly ýardam bermekleri üçin çagyryş berildi

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, ýurtda häzire çenli 429 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan koronawirusa garşy göreş üçin gyssagly saglygy goraýyş enjamlarynyň gerekdigini mälim etdi.

Jawad Zarif koronawirusa garşy göreş üçin Saglygy goraýyş ministrligi üçin gerek bolan medisina enjamlarynyň sanawyny “GYSSAGLY” ady bilen Twitterden berdi we dünýa ýurtlaryna Eýrana ýardam bermekleri üçin çagyryş berdi.

Zarif “Wirus ynsanlara tapawut goýmaýar, adamoglu hem goýmaly däl” diýip ýazdy.

Eýranda koronawirus sebäpli 10 müňden gowrak adam hasaba alyndy. Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýiň kömekçisine hem wirusyň ýokaşandygy öňe sürülýär.

Beýleki tarapdan Amerikan “Waşington Post” gazeti “Eýranyň Kum şäherinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň jaýlanan köpçülikleýin mazaryna degişli emeli hemraly arkaly düşürlen wideo ýazga ýer berdi. Habarda Eýranyň koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany hakynda doly maglumat bermeýändigi öňe sürüldi.

 

 



Degişli Habarlar