Eýran koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany hakynda doly maglumat bermeýärmi?

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýiň kömekçisine hem wirusyň ýokaşandygy öňe sürülýär

1377564
Eýran koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany hakynda doly maglumat bermeýärmi?

 

Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3179 adama ýetdi.

Ýurtda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 7 adam ýogaldy, 8 adam hem hasaba alyndy.

Beýleki tarapdan Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Sao Lisien, ABŞ-nyň ýaragly güýçlerini koronawirus pandemiýasyny Uhan şäherine getirmekde günäkärledi.

Sao “ABŞ bize bu meselede düşündiriş bermeli bolar” diýdi.

Sao Twitterden beren beýanatynda, ABŞ-nyň Hassalyga garşy göreş we öňüni alyş merkesiniň başlygy Robert Redfieldiň sýužetlerine ýer beren wideosynda, Redfildiň ozal grippden ölen ABŞ-nyň käbir raýatlarynda Kowid-19-yň ýokaşandygynyň anyklanandygy hakyndaky sözlerine ünsi çekdi.

Sao, ABŞ-nyň Hassalyga garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň bu beýanaty bilen syrlaryny paş edendigini belledi we ilkinji kesselliniň ABŞ-da haçan hasaba alynandygyny we näçe adama ýokaşandygyny we haýsy hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny sorady.

Hytaýyň Daşary işler ministriniň metbugat geňeşçisi “Koronwirusy Uhana getiren ABŞ-nyň harby güýji bolup biler. Aç açan ýagdaýda halka maglumat beriň. ABŞ bize bu meselede düşündiriş bermeli bolar”diýip belledi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, ýurtda häzire çenli 429 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan koronawirusa garşy göreş üçin gyssagly saglygy goraýyş enjamlarynyň gerekdigini mälim etdi.

Jawad Zarif koronawirusa garşy göreş üçin Saglygy goraýyş ministrligi üçin gerek bolan medisina enjamlarynyň sanawyny “GYSSAGLY” ady bilen Twitterden berdi we dünýa ýurtlaryna Eýrana ýardam bermekleri üçin çagyryş berdi.

Zarif “Wirus ynsanlara tapwut goýmaýar, adamoglu hem goýmaly däl” diýip ýazdy.

Eýranda koronawirus sebäpli 10 müňden gowrak adam hasaba alyndy. Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýiň kömekçisine hem wirusyň ýokaşandygy öňe sürülýär.

Beýleki tarapdan Amerikan “Waşington Post” gazeti “Eýranyň Kum şäherinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň jaýlanan köpçülikleýin mazaryna degişli emeli hemraly arkaly düşürlen wideo ýazga ýer berdi. Habarda Eýranyň koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany hakynda doly maglumat bermeýändigi öňe sürüldi.

Yragyň saglygy goraýyş ministrligi Yrakda koronawirus sebäpli jemi 8 adamyň ýogalandygyny, 83 adamyň hasaba alynandygyny, 24 adamyň bejergisiniň bolsa tamanandygyny mälim etdi.

Kuweýdiň Saglygy goraýyş ministrligi hem ýurtda 80 adamyň koronawirus sebäpli hasaba alynandygyny aýan etdi.

Saud Arabystanynda bolsa Kowid 19 sebäpli 63 adam hasaba alyndy.

Liwanda koronawirus sebäpli 3 adam ýogaldy, 73 adam hem hasaba alyndy.

Afrikda ýerleşýän Gabonda hem ilkinji koronawirus keseli hasaba alyndy.

Gabon bilen birlikde Afrika ýurtlaryndan Müsürde, Burkina Fasoda, Alžirde, Nigeriýada, Senegalda, Kamerunda, Tunisde we Marokkoda hem koronawirusyň ýüze çykandygy anyklanyldy.

Afrika ýurtlarynda häzire çenli jemi 135 adam kronawirus sebäpli hasaba alyndy.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Hytaý , #koronawirus , #Eýran

Degişli Habarlar