Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Türkiýe Burkina-Fasodaky hüjümi ýazgardy

1375175
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň demirgazygynda 2 aýry oba guralan hüjümde asuda ilatdan 43 adam ýogaldy.

Burkina-Fasonyň hökümeti tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň demirgazygyndaky Ýatenga şäherinde fulaniler atly halkyň ýaşaýan Dinguila we Barga obalaryna şahsyýetleri näbelli bolan ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guraldy.

Hüjümde asuda ilatdan 43 adam ýogaldy, 6 adam bolsa ýaralandy.

Burkina-Faso döwletini emele getirýän 13 sebitiň 7-sinde terrorçylykly hüjümler sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýurtda soňky 4 ýylda terror guramalary tarapyndan guralan hüjümlerde 700-den gowrak adam ýogaldy, 270 müň adam bolsa öýlerini terk etdi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýe Burkina-Fasoda guralan hüjümi ýazgaryp, hüjümde ýogalan adamlar sebäpli Burkina-Fasonyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar