Hytaýda koronawirus sebäpli 3072 adam ýogaldy

Wirus ýokaşan 80 müň 651 adamdan 5 müň 489-nyň ýagdaýy agyr

1373728
Hytaýda koronawirus sebäpli 3072 adam ýogaldy

 

Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3072 adama ýetdi.

Ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 28 adam ýogaldy, 99 adam hem koronawirus sebäpli hasaba alyndy.

Wirus ýokaşan 80 müň 651 adamdan 5 müň 489-nyň ýagdaýy agyr.

22 müň 177 adam lukmançylyk gözegçiliginde, 55 müň 404 adamyň bejergisi bolsa tamamlandy.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 12-nji dekabrda ýüze çykan Kowid-19 pandemiýasy sebäpli, Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurt Uhandaky raýatlaryny ýurduna getiripdi.

Koronawirusyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “Adatdan daşary ýagdaý” yglan edipdi.

 



Degişli Habarlar