Hytaýda koronawirus epidemiýasy dowam edýär

Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 945-e ýetdi

1370527
Hytaýda koronawirus epidemiýasy dowam edýär

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen ýazmaça beýanata görä, ýurtda epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 31 adamyň ýogalandygy, ýene-de 125 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 945-e, saglyk ýagdaýy gowylanyp öýlerine ugradylan adamlaryň sany bolsa 47 müň 204-e ýetdi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýüze çykan Kowid-19 pandemiýasynyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “Adatdan daşary ýagdaý” yglan edipdi.



Degişli Habarlar