Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 914-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy beýanat berdi

1369598
Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 914-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen ýazmaça beýanata görä, ýurtda täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ählisi epidemiýanyň güýç merkezi bolan ýurdyň Hubeý welaýatyndan bolmak bilen ýene-de 42 adam ýogaldy, ýene-de 202 adama bolsa wirus ýokdy.

Ýurtda täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy jemi ýolugan adamlaryň sany bolsa 2 müň 914-e ýetdi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýüze çykan Kowid-19 pandemiýasynyň gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “Adatdan daşary ýagdaý” yglan edipdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý

Degişli Habarlar