Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi

Wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 978 adama ýetdi.

1369624
Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi

 

Eýranda koronawirus sebäpli ýene-de 11 adam ýogaldy. Şeýlelikde wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 54, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 978 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Said Nemeki, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen milli mobilizlenmäniň başladyljakdygyny we 2 günde 300 müň adamlyk toparyň öýlerde halky ýeke-ýekeden saglyk barlagyndan geçirjekdigini belledi.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, ýurtda soňky gezek ýene-de 6 adama wirusyň ýokaşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar