Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.

Dünýäde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli jemi 2361 adam ýogaldy.

1364351
Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.

 

Eýranda koronawirus (Kowid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Kiýanus Jihanpur, döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, ýurtda ýene-de10 adamda koronawirusyň bardygynyň anyklanylandygyny, 5 adamyň hem wirus sebäpli ýogalandygyny aýtdy.

Jihanpur ýurtda jemi 28 adama wirusyň ýokaşandygyny belledi.

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 2347-i Hytaýda bolmak bilen dünýäde jemi 2361 adam ýogaldy.

Wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 77 müň adamdan geçdi.

 

 



Degişli Habarlar