ABŞ-nyň Prezdenti Donald Tramp Hindistanda saparda bolar

Tramp Hindistanyň paýtagty Täze Delide saparda bolar we Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşar

1357375
ABŞ-nyň Prezdenti Donald Tramp Hindistanda saparda bolar

ABŞ-nyň Prezdenti Donald Tramp bilen aýaly Melaniýa Tramp fewral aýynyň 24-25-i aralygynda Hindistanda saparda bolar.

Ak Tamdan berlen beýanatda, Trampyň Hindistanyň paýtagty Täze Delide saparda boljakdygy we Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşjakdygy nygtaldy

Modi bilen Trampyň hepdäniň ahyrynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşligine üns çekilen beýanatda, “Iki lider saparyň ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenmegine we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigini nygtady” diýildi.

 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Hindistan , #ABŞ

Degişli Habarlar