Abdullah bilen Pompeo telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Abdullah bilen Pompeo Taliban bilen parahatçylyk etabynda ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy

1357919
Abdullah bilen Pompeo telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Owganystanyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Owganystan tarapyndan berlen beýanata görä, Abdullah bilen Pompeo telefon söhbetdeşliginde Taliban bilen parahatçylyk etabynda ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

Abdullah bilen Pompeonyň mundan başgada ABŞ bilen Talibanyň arasyndaki parahatçylyk gepleşikleriniň tamamlanmagyndan soň Owgan diýalog etabynyň başlamagy barada pikir alyşandygy nygtaldy we Talibanyň hüjümlerinden ýüz öwürmegi we parahatçylyga goldaw bermegi üçin uly pursadyň döredilendigi bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo bolsa, ABŞ bilen Talibanyň arasyndaki parahatçylyk gepleşiklerinde öňe gidişlik edilendigini nygtady.

 



Degişli Habarlar