Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda asuda ilatdan ýene-de ençeme adam ýogaldy
Howa hüjümleriniň netijesinde şeýle hem köp sanda adam ýaralandy
1356114
![Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda asuda ilatdan ýene-de ençeme adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ed6c/d83e/1cde/5e40f585c84a6.jpg?time=1719165657)
Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine guran howa hüjüminde asuda ilatdan 17 adam ýogaldy.
Oppozisionerlere degişli Uçar gözegçilik öýüniň berýän habaryna görä, Başar Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlar, düýn agşam Halap welaýatynyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän köp sanda ýere howa hüjümler guradylar.
Raýat goranyş toparyndan alynan maglumata görä, hüjümleriň netijesinde Kefer Nuranda 9, Şeýh Alide 3, Orum As Sugrada 2 we Etaribde 3 bolmak bilen asuda ilatdan jemi 17 adam ýogaldy.
Howa hüjümleriniň netijesinde azyndan 30 adam ýaralandy.