Hytaýyň Stambuldaky Baş konsuly ýurdundaky koronowirus epidemiýasy bilen bagly beýanat berdi

Hytaýyň Stambul şäherindäki Baş kosnuly Çui Wei, ýurdunda Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 362-ä ýetendigini habar berdi

1352423
Hytaýyň Stambuldaky Baş konsuly ýurdundaky koronowirus epidemiýasy bilen bagly beýanat berdi

Çui Wei, Stambulda myhmanhanalaryň birinde metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan täze görnüş koronawirus bilen bagly maglumat paýlaşan Wei: "Koronawirus sebäpli Hytaýda ýogalan adamlaryň sany 362-ä ýetdi. 17 müň 335 adamyň koronawirus bilen keselländigi çak edilýär. Hassahanalarda bejergi alyp öýlerine iberilen adamlaryň sany 21 müň 558" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý

Degişli Habarlar