Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýda täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasynda ýogalan adamlaryň sany 132-ä, wirusyň ýokan adamlaryň sany bolsa 5974-e ýetdi

1349467
Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, Tibet awtonom zolagyndan daşary ýurdyň ähli ýerine ýaýran täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 132-ä ýetdi, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 1239-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 5974-e ýetdi.

Şonuň bilen baglylykda wirus ýokandygy şübhe edilýän adamlaryň sany 9239-a ýetip, wirus ýokan adamlar bilen aragatnaşykda bolan adamlaryň sany bolsa 59 müň 990-a ýetdi.

Şu günki güne çenli ýagdaýy gowylanyp, öýlerine ugradylan adamlaryň sany bolsa 103-e ýetdi.

Mundan başgada Hytaýyň awtonom we özbaşdak zolaklarynda wirus ýokan adamlaryň sany Gonkongda 8-e, Makauda 7-ä ýetdi.

Koronawirusyň ýüze çykan ýeri bolan ýurdyň Hubeý ştatynda wirusyň ýokan adamlaryň sany 3554-e, adam ýitgisiniň bolsa 125-e ýetendigi aýan edildi.

Alynan maglumata görä wirusyň Hytaýdan daşary Taýlantda 14, Ýaponiýada 7, Singapuda 5, ABŞ-de 5, Awstraliýada, Fransiýada, Germaniýada we Günorta Koreýada her birinde 4 adamda, Malaýziýada 3, Wýetnamda 2, Nepalda, Kanadada, Kambodžada we Şri-Lankada her birinde 1 adama ýokandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý

Degişli Habarlar