Wladimir Putin, Elazygdaky ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi

“Russiýa tebigy apatda ýogalanlara uly gynanç bildirýär. Ýaralananlara gyssagly şypa dileýär”

1347212
Wladimir Putin, Elazygdaky ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi

 

Elazygyň Siwrije etrabynda düýn Türkiýe wagty bilen 20.55-de bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň birnäçe ýurtdan duýgudaşlyk ýüzlenmeleri geldi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Elazygdaky ýer titremesi sebäpli Prezident R. T. Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugratdy.

Putin ýüzlenmesinde “Russiýa tebigy apatda ýogalanlara uly gynanç bildirýär. Ýaralananlara gyssagly şypa dileýär” diýdi.

Kanadanyň Premýer ministri Trudeau hem Elazygda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Wadim Pristaýko hem “Ukraina Türkiýäniň gynanjyny paýlaşýar” diýdi.

Ruminiýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku hem ýer titremesi sebäpli türk halkyna gynanç bildirdi.

Somaliniň Daşary işler ministri Ahmed İsa Awad bolsa , Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna telefon edip, somaliniň halkynyň adyndan türk halkyna gynanç bildirdi.

 



Degişli Habarlar