Putin bilen Merkel Liwiýa meselesi barada pikir alyşdy

Putin bilen Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1340121
Putin bilen Merkel Liwiýa meselesi barada pikir alyşdy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen paýtagt Berlinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Liwiýa konferensiýasy üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Kreml tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Iki lideriň Liwiýa krizisini ara alyp maslahatlaşandygy nygtalýan beýanatda, “Telefon söhbetdeşliginde Liwiýa meselesiniň çözülmegi maksady bilen Berlinde geçiriljek konferensiýa üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Putin, Liwiýadaky taraplaryň gatnaşmagynda Moskwada geçirlen gepleşikler hakynda Merkele maglumat berdi” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar