Putin bilen Makron Liwiýa barada pikir alyşdy

Wladimir Putin bilen Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1339455
Putin bilen Makron Liwiýa barada pikir alyşdy

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Putin bilen Makronyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýanatda “Liwiýada çaknyşýan taraplaryň, Russiýa bilen Türkiýäniň 8-nji ýanwarda beren bilelikdäki çagyryşyna laýyklykda 12-nji ýanwardan başlap hüjümleri bes etmelidigi nygtaldy” diýildi.

Beýanatda, Liwiýa krizisiniň diplomatiýa taýdan çözülmelidigine üns çekildi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda, “Liwiýa krizisiniň çözülmegi üçin Germaniýanyň paýtagt Berlinde geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyk konferensiýasyna goldaw berýäris” diýildi.

Putin bilen Makronyň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ukrainanyň gündogarynda, Eýranda we Siriýada başdan geççirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar