"Bize hüjüm edenler jerimesini çeker"

Maýk Pompeo Eýran bilen ýurdunyň arasynda başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi

1335277
"Bize hüjüm edenler jerimesini çeker"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Eýran bilen başdan geçirilýän dartgynlyk meselesinde “Eýranyň hökümetiniň adyndan karar kabul edýänleri nyşana alarys”diýdik. Bu meselede näme etmeli bolsa ederis” diýdi.

Maýk Pompeo JNN, Foks Nýus we ABJ teleýaýlymaryna, Eýran bilen ýurdunyň arasynda başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi.

Pompeo “Eýrana birnäçe gezek bize hüjüm eden halatynyzda degişli jogaby bereris diýip duýduryş berdik. Bize hüjüm edenler jerimesini çeker. Biz bu meselede egilşik etmeris. Şol sebäpli hem hüjümlere sebäp bolanlary we Eýranyň hökümetiniň adyndan karar kabul edýänleri nyşana alarys”diýdik. Bu meselede näme etmeli bolsa ederis” diýip belledi.

Pompeo, “ Goranmak ministrligi taryhy we medeni gymmatlyklara hüjüm guralmazlygy meselesini seljerýär” diýdi.

Pompeo “ABŞ-nyň Süleýmanini öldürmegi sebäpli Ýakyn Gündogar has-da dartgynlaşýar bu meselä nähili garaýarsyňyz” diýlen soraga, “Ýakyn Gündogar durnuksyz ýerdi. Biz durnuklylyk üçin pursat döredýäris” diýip jogap berdi.

Yragyň Parlamentiniň daşary ýurtly güýçleriň ýurtdan çykarylmagy baradaky karary hakynda hem durup geçen Pompeo “Yragyň halkynyň, ABŞ-nyň esgerleriniň ýurtda galmagyny isleýändigine doly ynanýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar