Yrakda Süleýmani we Mühendis üçin 3 günlik ýas yglan edildi

Hüjümde Süleýmani we eýranly ofiserler bilen birlikde aralarynda Mühendis hem bolan 5-i yrakly jemi 10 adam ýogaldy

1334859
Yrakda Süleýmani we Mühendis üçin 3 günlik ýas yglan edildi

Yragyň Premýer ministri Adil Abdülmehdi, Bagdatda ABŞ-nyň hüjüminde öldürilen Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmani  we Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Mühendis bilen beýleki 8 adam üçin 3 günlik ýas yglan etdi.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdülmehdiniň ofisinden berilen beýanatda: “Ýaragly güýçleriň serkerdesi we ýurdyň Premýer ministri Adil Abdülmehdi, şehit bolan adamlar üçin şu günden başlap 3 günlik ýas yglan etdi” diýip habar berildi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň  we Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Mühendisiň Bagdat howa menziliniň golaýynda guralan hüjümde öldürilendigini habar beripdi.

Hüjümde Süleýmani we eýranly ofiserler bilen birlikde aralarynda Mühendis hem bolan 5-i yrakly jemi 10 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #ýas , #Adil Abdülmehdi , #Yrak

Degişli Habarlar