Soňky 48 sagatda ýene-de 20 müň adam Türkiýe serhedine geldi

Noýabr aýyndan bäri öýüni terk eden siriýalylaryň sany bolsa 284 müň adama ýetdi

1332027
Soňky 48 sagatda ýene-de 20 müň adam Türkiýe serhedine geldi

 

Siriýanyň Idlib şäherinde, Russiýanyň, Asada tabynlykdaky güýçleriň we Eýran tarapyndan goldanýan güýçleriň guraýan hüjümleriniň azalandygyna garamazdan soňky 48 sagatda ýene-de 20 müň adam Türkiýe serhedine geldi.

Noýabr aýyndan bäri öýüni terk eden siriýalylaryň sany bolsa 284 müň adama ýetdi.

Siriýanyň Idlib şäherinde, Russiýanyň, Asada tabynlykdaky güýçleriň we Eýran tarapyndan goldanýan güýçleriň guraýan hüjümleriniň geçen hepde azalandygyna garamazdan, hüjümleriň dowam etmeginden gorkan idlibli maşgalar Türkiýe serhedine tarap göçmäge dowam edýär.

Mesele hakynda berlen beýanatda soňky 48 sagatda ýene-de 20 müň adamyň öýlerini terk edip ýola rowana bolandygy nygtaldy.

 

 

 


Etiketkalar: #hüjüm , #terk etmek , #Siriýa

Degişli Habarlar