Taliban Owganystanyň Tahar welaýatynda hüjüm gurady

Hadysada 17 adam ýogaldy

1331348
Taliban Owganystanyň Tahar welaýatynda hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tahar welaýatynyň Hoja Bahauddin etrabyndaky harby birikmä Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 17 adam ýogaldy.

Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Jewad Hijri, Talibana agza terrorçylaryň Hoja Bahauddin etrabyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 17 goragçynyň ýogalandygyny aýdan Hijri, 4 goragçynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Hijri goşmaça harby güýçleriň hadysanyň başdan geçirilýän ýerine barmagyndan soň, Talibana agza terrorçylaryň yza serpigendigini mälim etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolda hüjümde 21 goragçynyň ölendigini öňe sürdi.


Etiketkalar: #hüjüm , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar