ÝPG/PKK ýesirlikdäki ýetim çagalary ýaraglandyrýar

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygyndaky Hol düşelgesinde ýesirlikde saklanýan daşary ýurtly ýetim çagalary ýaraglandyrýandygy habar berildi

1328807
ÝPG/PKK ýesirlikdäki ýetim çagalary ýaraglandyrýar

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynyň çetki obalarynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň beýanaty terror guramasy ÝPG/PKK-nyň hyýanatyny ýene-de bir gezek ýüze çykardy.

Boýun egen H.A atly terrorçy gurama tarapyndan basylyp alynan Siriýanyň Hasaka şäherindäki Hol düşelgesinde ýesirlikde saklanýan daşary ýurtly ýetim çagalary basyş bilen ýaraglandyrýandygyny beýan etdi.

Ýaişaro 12-14 aralygynda bolan ýüzden gowrak çaga ýarag berilendigini beýan eden terrorçy, berilen tälimden soň çagalaryň Türk ýaragly güýçlerine we Siriýanyň milli goşunlaryna garşy söweşdirilmek üçin Rož düşelgesine alynyp gidilendigini aýtdy.

Howpsyzlyk çeşmeleri bu ýagdaýy terror guramasy ÝPG/PKK-nyň agyr ýitgi çekmeginiň, täsirsiz ýagdaýa getirilen we boýun egen terrorçyloaryň ýerine terrorçy tapmakda kynçylyk çekýändigi hem-de dargamaga başlan guramanyň soňky tagallasynyň görkezijisi hökmünde häsýetlendirýär.



Degişli Habarlar