Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde bomba howsalasy başdan geçirilýär

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde käbir mekdepler, otly beketleri we kazyýetler bomba howsalasy sebäpli boşadyldy

1328837
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde bomba howsalasy başdan geçirilýär

Russiýanyň Ria habar agentliginiň Içeri işler edarasynyň çeşmelerine esaslanyp beren habaryna görä, Moskwa şäherinde 19 mekdep, 7 kazyýet we 6 otly bekedi bombanyň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda boşadyldy.

Alynan maglumatdan soň binalaryň içindäki okuwçylar, işgärler we myhmanlar daşaryk çykaryldy.  

Polisiýa işgärleri binalarda gözleg işlerini geçirýärler.


Etiketkalar: #bomba , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar