Russiýanyň, Idlibde guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 9 adam ýogaldy

Rus uçarlary bombaly hüjümler sebäpli Siriýa-Türkiýe serhedine tarap gaçýanlaryň ýollaryny hem nyşana alýar

1327766
Russiýanyň, Idlibde guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 9 adam ýogaldy

Russiýanyň, Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 9 adam ýogaldy.

Oppozisionerlere görä, Russiýa degişli harby uçarlar düýn ýary gije Maarratünnuman etrabyna, Jerjebaz etrapçasyna, Tel Mennis, Masaran, Dery Garbi, Gadafa, Han as Sübül we Babbila obalaryna hüjüm gurady.

Russiýanyň hüjülerinde Maarratünnuman etrabynda 4, Masaran obasynda hem 5 adam bolmak bilen jemi 9 adam ýogaldy.

Rus uçarlary bombaly hüjümler sebäpli Siriýa-Türkiýe serhedine tarap gaçýanlaryň ýollaryny hem nyşana alýar.

Siriýanyň hökümeti hem Serakib eteabyna, Kefrenbil, Keferruma we Kensafra etrapçalary bilen Marşurin, Babolin, Marand we Keferawid obalaryna howa hüjümini gurady.



Degişli Habarlar