Owganystanda jynaza çäresinde bombaly hüjüm guraldy

Wakada 3 adam ýogaldy

1328181
Owganystanda jynaza çäresinde bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Lagman welaýatynda jynaza çäresinde guralan bombaly hüjümde 3 adam ýogaldy.

Lagmanyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Asadullah Dewletzeý beren beýanatynda, Lagman welaýatynyň Dewletşah etrabynda, welaýatyň sylanan adamlaryň biriniň jynaza çäresinde guralan bombaly hüjümde 3 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde şeýle hem asuda ilatdan 7 adamyň ýaralanandygyny aýdan Dewletzeý, bombanyň ozaldan çäräniň geçiriljek ýerine ýerleşdirilendigini aýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #hüjüm , #Lagman , #Owganystan

Degişli Habarlar