Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe garşy hüjümleri dowam edýär

Maarratünnan etrabynda 2 adam we Deýr Şarki obasynda bolsa 1 adam bolmak bilen asuda ilatdan jemi 3 adam ýogaldy

1327208
Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe garşy hüjümleri dowam edýär

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we oňa goldaw berýän Russiýanyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky asuda ilatyň ýaşaýyş ýerlerine garşy guran hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 3 adam ýogaldy.

Oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik edarasynyň berýän habaryna görä, Russiýa degişli harby uçarlar Maarratünnan etrabyna, Jerjenaz etrapçasyna, Tel Mennis we Tuh obalaryna howa hüjümlerini guradylar. Başar Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar bolsa Maarratünnan etraby bilen Han As Sübül, Marşurin, Gadafa, Marşimşe, Reýýan, Syrman, Katra, Deýr Şarki we Bernan obalaryna howa hüjümlerini guradylar.

Maarratünnan etrabynda 2 adam we Deýr Şarki obasynda bolsa 1 adam bolmak bilen asuda ilatdan jemi 3 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar