Putin bilen Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin bilen Makron Liwiýa krizisi barada pikir alyşdy

1325209
Putin bilen Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen ýazmaça beýanatda “Liderler, Liwiýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmelidigini nygtady. Russiýa bilen Fransiýa krizisiň çözülmegi üçin BMG-nyň we Germaniýanyň töwellaçylyk teklibine goldaw berýär” diýildi.

Beýanatda, liderleriň telefon söhbetdeşliginde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşandygy we terrora garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çekendigi bellenildi.

Beýanatda Putin bilen Makronyň, Fransiýanyň paýtagty Parižde geçen hepde Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda geçirlen Normandiýa dörtlügüniň liderler maslahatynyň jemleri we rus gazynyň Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy barada hem pikir alyşandygy ýatladyldy

 



Degişli Habarlar