Yrakda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde 48 demonstrant dereksiz ýitdi

1-nji oktýabrda başlan protest ýörişlerinde azyndan 460 adam ýogaldy, 19 müň adam ýaralandy

1323729
Yrakda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde 48 demonstrant dereksiz ýitdi

 

Yragyň Ýokary garaşsyz adam hukuklary komisarlygynyň agzasy Ali Beýýati mesele hakynda beren beýanatynda “Häzire çenli protest ýörişlerinde 48 adamyň dereksiz ýitendigi ýada zamun alynandygy barada komisarlygymyza ýüz tutuldy” diýdi.

Beýýati ýitenlerden hökümetiň jogapkärdigini belledi we bu meselede giň gerimli derňew işiniň gozgalmagy üçin çagyryş berdi.

Yragyň Ýokary garaşsyzlyk adam hukuklary komisarlygynyň 4-nji dekabrda beren beýanatyna görä, ýurtda garaşsyzlyga we işsizlige garşy 1-nji oktýabrda başlan protest ýörişlerinde azyndan 460 adam ýogaldy, 19 müň adam ýaralandy.

Paýtagt Bagdadyň başda durmagynda birnäçe şäherde dowam edýän protest ýörişlerinde Eýranyň ýurtdaky täsirine hem garşylyk görkezilýär.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi, hökümete garşy ýörişler sebäpli 29-njy noýabrda wezipesinden çekilipdi.

 



Degişli Habarlar