ABŞ Liwana 105 million dollarlyk harby kömek berer

Hökümet oktýabr aýynda Liwana berlen 105 million dollarlyk harby kömegiň kesilendigini mälim edipdi

1316410
ABŞ Liwana 105 million dollarlyk harby kömek berer

 

ABŞ oktýabr aýynda kesilen 105 million dollarlyk harby kömegiň ýaňadandan Liwana berilmegi barada karar kabul etdi.

Amerikan kongresine esaslanylýan habra görä, Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet karar hakynda Kongresiň agzalaryna maglumat berdi.

Maglumatda harby kömegiň ozal näme sebäpli kesilendigi hakynda maglumat berilmedi emma Liwanyň ýaragly güýçlerine gysga wagtda ýaňadandan harby kömegiň beriljekdigi ýatladyldy.

Hökümet oktýabr aýynda Liwana berlen 105 million dollarlyk harby kömegiň kesilendigini mälim edipdi, emma harby kömegiň näme sebäpli kesilendigi barada hiç hili maglumat bermändi.

Oktýabr aýynda harby kömegiň kesilmegi baradaky karara garşylyk görkezen Kongres bilen Pentagon, Liwanyň,  Eýranyň aksiýalaryna we terrora garşy göreşde esasy rol oýnaýandygyny we şol kararyň Liwanyň ýaragly güýçlerine zeper ýetirjekdigini mälim edipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar