Russiýada PKK/ÝPG-nyň tarapdary bolan jemgyýetçilikli gurama ýapyldy

Russiýanyň kazyýeti, terror guramasy PKK/ÝPG-nyň tarapdary bolan, kürt zenanlarynyň hukuklaryny goraýandyklaryny öňe süren Beritan jemgyýetiniň syýasy işler alyp barýandygy sebäpli ýapdy

1310849
Russiýada PKK/ÝPG-nyň tarapdary bolan jemgyýetçilikli gurama ýapyldy

Russiýanyň Adygeýa Respublikasynyň Ýokary kazyýetiniň metbugat bölüminden berilen beýanata görä, terror guramasy PKK/ÝPG-nyň tarapdary bolan Beritan jemgyýetiniň işleri bes edildi.

Beýanatda: “Jemgyýetçilikli gurama, syýasy işler alyp barmagy sebäpli ýapyldy. Bu jemgyýet öz kadalaryna we Russiýanyň jemgyýetçilik gurluşy bilen bagly kanunlara ters gelýär” diýip bellendi.

Beritan jemgyýeti, Russiýanyň Adygeýa Respublikasynyň Beloýe diýilen ýerinde 2015-nji ýylda döredilipdi.


Etiketkalar: #jemgyýet , #ÝPG , #PKK , #Adygeýa , #Russiýa

Degişli Habarlar