Stoltenberg: “Türkiýe NATO üçin örän möhüm” diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýäniň NATO üçin örän möhüm bir ýurtdygyny nygtady

1310559
Stoltenberg: “Türkiýe NATO üçin örän möhüm” diýdi

Ýens Stoltenberg, Fransiýanyň Le Figaro gazedine interwýu berdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, NATO-nyň beýnisiniň ölendigi baradaky beýanatynyň üstünde durup geçen Stoltenberg: “NATO Howpsyzlyk babatynda möhüm bir birlik. Her gün 1 milliarda golaý adamy goraýar we goranyş pudagyna iň uly goşandygyny goşýandygyny eýýäm onlarça ýyl subut edip gelýär” diýip belledi.

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň hem üstünde durup geçen Stoltenberg: “Türkiýe, hyzmatdaşlarynyň bazalaryny ulanmagyna rugsat berip, terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşe gatnaşdy. Türkiýe, NATO-nyň çäginde Siriýa we Yraga serhetdeş bolan ýeke-täk ýurt. 3,6 million bosguny myhman etdi. Türkiýe, NATO üçin örän möhüm. Muňa düşünmek üçin karta seredip, Türkiýäniň geostrategik ýagdaýyny gözden geçirmek ýeterlik bolar” diýip belledi.

Stoltenberg, NATO-nyň we ÝB-niň biri-birine garşy bäsdeş bolmandygyny, ikisiniň arasynda birini saýlamaly däldigini belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Norwegiýa, Islandiýa, Türkiýe, ABŞ, Kanada we Britaniýa ýaly ýurtlaryň Ýewropanyň howpsyzlygy babatynda möhüm rol eýeleýändigini nygtady.



Degişli Habarlar