Yrakdaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Yragyň paýtagty Bagdatda we ýurdyň günortasyndaky beýleki şäherlerde dowam edýän hökümete garşy protestlerde ýogalan adamlaryň sany 63-e ýetdi

1295428
Yrakdaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Garaşsyz Ýokary Adam hukuklary komissarlygy tarapyndan berilen beýanatda: “Anna güni ýaňadandan başlan protestlerde Bagdatda 10, Meýsanda 14, Zikarda 15, Basrada 7, Musennada 1, Babilde 4 we Diwaniýede 4 adam ýogaldy. Şeýlelik bilen protestlerde jemi ýogalan adamlaryň sany 63-e ýetdi” diýip habar berildi.

Beýanatda ady geçen şäherlerde dowam edýän protestlerde aralarynda howpsyzlyk güýçleri hem bolan ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 2 müň 592-ä ýetendigi mälim edildi.

Yraklylar işsizlik, galplyk we döwlet hyzmatlarynyň ýeterlik däldigini protest etmek maksady bilen ýurdyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde demonstrasiýalar geçirýär.

1-nji oktýabrda protestlere başlan adamlar, Erbain dabaralary sebäpli arakesme beren protestlerini anna güni ýaňadandan başlatdylar.

Başda ýurdyň paýtagty Bagdat bolmak bilen ýurdyň orta we günortasyndaky şäherlerine ýaýran protestlerde şu aýyň başyndan bäri takmynan 200 adam ýogaldy, 8 müňe golaý adam ýaralandy.


Etiketkalar: #protest , #Bagdat , #Yrak

Degişli Habarlar