Yrakda protest ýörişleri ýaňadandan başlady

Yrakda başdan geçirlen wakalarda 30 adam ýogaldy

1295071
Yrakda protest ýörişleri ýaňadandan başlady

 

Yragyň paýtagty Bagdatda protestçylar düýn Tahrir meýdanynda hökümete garşy oturmak hereketini başlatdy

Paýtagt Bagdadyň merkezinde ýerleşýän Tahrir meýdanynda çadyrlar gurup oturmak hereketini başladan protestçylar hökümete garşy şygarlar aýtdy

Yragyň günortasynda ýerleşýän şäherlerde hem protestçylaryň oturmak hereketini başlatjakdygy nygtalýar.

Anna güni ertiriň irki sagatlaryndan başlap paýtagt Bagdatda we günortadaky welaýatlarda başlan ýörişlerde, protestçylar hökümetiň iş başyndan çekilmegini we galplyk etmekde günäkärlenýän hökümetiň kanuna üýtgetme girizmegini talap edýär

Yragyň Garaşsyz adam hukuklary ýokary komisarlygyndan berlen ýazmaça beýanata görä, syýasy partiýalaryň binalaryny goraýan howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda başdan geçirlen wakalarda Bagdatda 8, Meýsanda 9, Zikarda 9, Basrada 3 we Musenna şäherinde hem 1 bolmak bilen jemi 30 adam ýogaldy

 



Degişli Habarlar