Wegriýa “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldawyny beýan etdi

Wengriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Gergeli Gulýas Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň goldanmalydygyny beýan etdi

1286063
Wegriýa “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldawyny beýan etdi

Wengriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Gergeli Gulýas Türk ýaragly güýçleriniň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýurda we sebite parahatçylyk hem-de asudalyk getirmek üçin geçirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň goldanmalydygyny aýtdy.

Prezident Gulýas: “Türkiýe öz ýurdunda ýaşaýan 4 million bosguny yzyna uğratmak isleýän bolsa, onda bu başlangyç goldanmaly” diýdi.

Gulýas beren beýanatynda ÝB-niň Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge synanşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebite parahatçylyk hem-de asudalyk getirmek üçin başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen bagly 9-njy oktýabrda çap etmek islän bilelikdäki jarnamany Wengriýanyň uzak möhlet kabul etmändigini aýtdy.

Ýurdunyň Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Wengriýa tarapyndan döredilen Wişegrad toparyny we ÝB-ni bozmak islemändigini, şol sebäpli ÝB-niň bilelikdäki jarnamasyny kabul etmeli bolandygyny beýan eden Gulýas: “Wegriýa konstitutsiýa esaslanyp döwletleriň arasyndaky düşnüşmezlikleri çözmek üçin söweşmegi kabul etmeýär. Emma weger diplomatiýasynyň egilşiksiz pozisiýasyna laýyklykda eger Türkiýe öz ýurdunda ýaşaýan 4 million bosguny ýurtlaryna uğratmak isleýän bolsa, onda bu başlangyç goldanmaly” diýdi.

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Szižžarto hem düýn beren beýanatynda ÝB-niň Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge synanşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebite parahatçylyk we asudalyk getirmek üçin başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýa barada çap etmek islän bilelikdäki jarnamany Wegriýanyň üsti bilen uzak wagtlap bökdändigini nygtap: “Türkiýede 4 milliona golaý kadasyz bosgun we migrant bar. Türkler olaryň yzyna dolanmagy üçin tagalla edýär” diýdi.



Degişli Habarlar