Hasan Ruhani bilen Wladimir Putin Ýerewanda duşuşdy

Ruhani bilen Putin  özara gatnaşyklar we ýadro ylalaşygy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy

1280041
Hasan Ruhani bilen Wladimir Putin Ýerewanda duşuşdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda duşuşdy

Eýran tarapyndan berlen beýanata görä, Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň ýokary geňeşine gatnaşmak üçin Ýerewana giden Ruhani bilen Putin  özara gatnaşyklar we ýadro ylalaşygy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Ýadro ylalaşygynyň halkara meseeleleriň çözülmegi üçin amatly modeldigini aýdan Ruhani, ady agzalýan şertnamanyň netijeli bolmagy üçin degişli taraplaryň öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini belledi.

Eýranyň lideri Ruhani, Moskwanyň bu meselede oýnaýan rolynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin hem, ýadro ylalaşygyna goldaw berýändigini nygtady we resmi Moskwanyň degişli taraplaryň  jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekleri üçin tagalla etjekdigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar