Demirgazyk Koreýadan Hytaýa: “Hemişe ýanyňyzdadyrys” ýüzlenmesi berildi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 70-nji ýyly mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Başlygy Si Szinpine “Hemişe ýanyňyzdadyrys” ýüzlenmesini berdi

1279596
Demirgazyk Koreýadan Hytaýa: “Hemişe ýanyňyzdadyrys” ýüzlenmesi berildi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 70-nji ýyly mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Başlygy Si Szinpine “Hemişe ýanyňyzdadyrys” ýüzlenmesini berdi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi habar agentligi KCNA-nyň berýän habaryna görä, Kim Çen Yn, Si Szinpine iberen gutlag hatynda, dörediji we gaýratly Hytaý halkynyň Hytaýyň komunist partiýasynyň liderliginde eýýäm 70 ýyl bäri tutanýerli ýagdaýda göreşýändigini belläp: “Partiýamyz, hökümetimiz we halkymyz, Hytaýyň komunist partiýasyna, hökümetine we halkyna, ýurdyň durnuklylygyny we esasy bähbitlerini goramakda we dowamly galkynyşy üpjün etmekde doly ýagdaýda goldaw berýär we sosializmi goramak we beýgeltmek ýolunda elmydama ýanyňyzda bolar” diýip aýan edildi.

Kim: “Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, täze zamananyň zerurlyklarynyň we iki ýurdyň halklarynyň umumy tagallalarynyň çäginde gün saýyn has hem berkejekdigine ynanýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar